Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 13.01.2026 15:18
  • 6.2k+

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky ädimleri kesgitlendi.
Diplomatlar şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna degişli meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.


şu gün 11:28
242

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
654

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....