Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy

  • 12.01.2026 18:07
  • 2.7k+

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen rezolýusiýalarda bellenen maksatlary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Diplomatlar Sebit merkeziniň geçen ýyldaky işiniň netijelerini jemläp, 2026-njy ýyl üçin meýilnamalary we Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hem gatnaşmagyndaky bilelikdäki taslamalar boýunça alnyp barylýan işleri maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Bu pikir 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara forumda öňe sürlüpdi.
Bu başlangyç foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan goldanyldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resmi resminamasy hökmünde ýaýradylan Aşgabat jarnamasynda öz beýanyny tapdy.
Taraplar bu başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 18:54
2.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......