Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn dilinde neşir edildi

  • 09.01.2026 10:33
  • 4.5k+

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda çykyş eden diplomatlar Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň Gündogar edebiýatynyň we dünýä medeniýetiniň taryhynda uly orun eýeleýändigini nygtadylar.

“Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr” diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Dostlukly halkyň dilinde ilkinji gezek çapdan çykan bu neşir ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny görkezýär. Täze neşir rumyn dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär. Onda şahyryň belent adamkärçilik häsiýetlerini wasp edýän goşgulary ýerleşdirilendir. Çykyşlarda söz ussadynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmeginiň diňe bir beýik Pyraga däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna bildirilýän uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigi nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň edebiýat we sungat wekilleri bilen bir hatarda, rumyn halkynyň edebiýatynyň ösmegine goşant goşan meşhur şahyr Mihai Emineskunyň heýkeliniň hem oturdylmagy iki halkyň medeni durmuşynda möhüm waka bolup, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň dost-doganlyga, hoşniýetlilige esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek görkezdi.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......