Türkmenistan we Pakistan 2026-njy ýylda ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlygy maslahatlaşdy

  • 08.01.2026 21:20
  • 4.2k+

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyp, 2026-njy ýylda bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisiniň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň we Türkmen-Pakistan işewürler forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar şu ýyl üçin meýilleşdirilýän ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlyk görmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, şu ýyl gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalaryň sanawyna seredilip geçildi.


şu gün 18:54
268

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......