Türkmenistan we BMG 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişýärler

  • 09.01.2026 14:50
  • 3.8k+

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Ilki bilen, diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikinjiden, duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzüm birlikleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralarynyň ýerleşmeklerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Üçünjiden, taraplar BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişine seredip geçdiler. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar FAO bilen bilelikdäki maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlary we beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olary geçirmek barada pikir alyşdylar.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......