Kiýewdäki kitaphanada Magtymgula we ukrain pelsepeçisi Grigoriý Skoworoda bagyşlanan sazly çäre geçirildi

  • 29.11.2025 22:35
  • 3.3k+

26-njy noýabrda Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap döwlet dolandyryş edarasynyň Medeniýet bölüminiň «Swiçado» merkezi kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ruhy çyraglar: Skoworoda we Magtymguly» atly şygryýet we saz çäresi geçirildi. Çäre XVIII asyryň görnükli şahsyýetlerine – Gündogaryň we Ukrainanyň pelsepeçileri bolan türkmen şahyry Magtymguly Pyragy we ukrain pelsepeçi-magaryfçysy Grigoriý Skoworoda bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan medeni çärä döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, alymlar, ýerli dolandyryş edaralarynyň, saz we umumy bilim mekdepleriniň, kitaphanalaryň wekilleri, talyplar we okuwçylar gatnaşdylar.
Çäräni Magtymguly kitaphanasynyň direktory Ýuliýa Lopata açyp, çykyşynda bir döwrüň dürli medeniýetlerinden bolan zehinleriň dünýä halklarynyň hazynasyna goşan goşantlarynyň ebedi ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň diplomatik işgäri hem çykyş edip, ol milli medeniýetde, sungatda we edebiýatda gazanylan üstünlikleri wagyz etmäge, medeni diplomatiýany ösdürmäge we halklaryň arasyndaky dostlugy we doganlygy berkitmekde Türkmenistanyň ornuna ünsi çekdi. Aşgabat şäherinde Magtymguly Pragynyň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde dabaraly ýagdaýda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy, beýik şahyryň we akyldaryň ýadygärligi hakynda gürrüň berdi. Toplumyň çäginde dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlaryna we akyldarlaryna bagyşlanan ýadygärlikler, şol sanda ajaýyp ukrain pelsepeçisi we magaryfçysy Grigoriý Skoworodanyň ýadygärliginiň ýerleşdirilendigi barada aýdyldy.
Alymlar professor Nikolaý Waskiw we Ýuriý Peleşenko dünýägaraýyşlaryň ajaýyp sazlaşygy, şol bir döwrüň ajaýyp pelsepeçileriniň işindäki we durmuş ýollaryndaky meňzeşlikler barada bilermen pikirlerini beýan etdiler.
Kitaphananyň okalga zalynda Magtymguly Pyragynyň we Grigoriý Skowrowodanyň eserleriniň ýygyndylary, tematiki surat sergisi we Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy barada wideoşekiller görkezildi.Şahyrlaryň goşgulary asyl nusgada we terjimede çeper okadyldy.
Agşamyň sazly böleginde Grigoriý Skoworodanyň we Taras Şewçenkonyň sözlerine ýerine ýetirilen eserler, şeýle hem ussatlar toparlaryň ýerine ýetiren türkmen we ukrain halk sazlary ýaňlandy. Däp boýunça dutarda milli türkmen sazlary hem ýerine ýetirildi.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.9k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....