DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

  • 08.12.2025 14:29
  • 7.8k+

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

“Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar. Kitabyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar” atly jemleýji bölüminde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýyllary içinde ýola goýan gatnaşyklaryna, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklara möhüm orun berlipdir.
Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça suratlar ýerleşdirilip, kitabyň bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......