Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýanyň ilçisi işe başlady

  • 16.12.2025 16:51
  • 1.6k+

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler hakynda gürrüň berildi.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şol gün ilçi şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýewe ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......