Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

  • 16.12.2025 16:59
  • 3.4k+

Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi.

Resminama Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler.
Teswirnama gol çekmek dabarysynyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň hökümetlerini hem-de halklaryny diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen gutladylar hem-de bu ädimiň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi berjekdigini bellediler.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......