Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi

  • 14.01.2026 18:53
  • 33k+

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir.
Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.
Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlarydyr.

"Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär" diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

 


şu gün 07:42
316

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......