6k+

Minskde Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlarynyň duşuşygy geçirildi

Minsk şäherinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda ilçi Nazarguly Şagulýew bilen Kataryň ynanylan wekili Hamud Saleh Mohsen Nasser Al-Saadiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

6.2k+

Ženewada Türkmenistanyň we Mawritaniýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

30-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy...

1.5k+

Tailandyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Tailand Patyşalygynyň ýurdumyzdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan ilçisi Apirat Sugondhabhir bilen duşuşdy. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýardy...

3.2k+

Raşid Meredow Seýşelleriň daşary işler ministri bilen Awazadaky foruma taýýarlygy maslahatlaşdy

Şu gün, 31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegond bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar...

6.9k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri öňde boljak bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar

28-nji iýulda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek hem-de öňde boljak sebit we halkara çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar...

5.3k+

Hytaýyň täze ilçisi Szi Şumin Türkmenistana geldi

19-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin maşgalasy bilen bilelikde Aşgabada geldi. Aşgabadyň halkara howa menzilinde ilçini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we HHR-iň ilçihanasynyň işgärleri garşyladylar...

3.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...

16k+

Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi...

3.5k+

Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri durnukly ösüş we dolandyryş boýunça okuw geçýärler

14-nji iýulda Aşgabat şäherinde iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Okuwlar Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda geçirilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...