Türkmenistanyň DIM-nde CARIСC bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

  • 08.11.2025 18:17
  • 2.4k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol CARIСC-iň alyp barýan işine ýokary baha bermek bilen, Merkeziň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde oňa agza ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga goşýan möhüm goşandyny nygtady.
Duşuşykda Türkmenistanyň häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde halkara hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda CARICC-iň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....