Maşatda YHG-nyň “ECO Heritage” žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sany tanyşdyryldy

  • 27.11.2025 15:26
  • 1.3k+

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynda (Maşat şähri) Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, brifing geçirildi.

Baş konsullykda habar bermeklerine görä, duşuşyga eýran metbugatynyň wekilleri, şol sanda “Magtymguly” neşirýat merkezi, “Türkmen Diýar” žurnaly, şeýle hem “Ulkamyz” we “Sachag” habarlar agentlikleri gatnaşdy.
Brifing konsullyk tarapyndan taýýarlanan sergi bilen açyldy. Myhmanlara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we ylmy eserleri, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.
Esasy wakalaryň biri - ECO Heritage žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyşy boldy. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG/ECO) Medeniýet instituty tarapyndan Türkmenistanyň ilçihanasy we Konsullygy bilen bilelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplygyň ýubileýi mynasybetli taýýarlanyldy. Neşirdäki materiallar ýurduň daşary syýasatyň esasy ýörelgelerine bagyşlanandyr.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......