Raşid Meredow Belarusyň we Keniýanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

  • 19.11.2025 11:39
  • 1.1k+

18-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Keniýa Respublikasynyň daşary işler we diaspora işleri boýunça ministri Musaliýa Mudawadi hem-de Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine, syýasy dialogyň ösdürilmegine, şeýle hem ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan gyzyklanmasyny tassykladylar.
Söhbetdeşler 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......