Türkmenistan Malaýziýa bilen halal önüm senagatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşýar

  • 18.11.2025 17:58
  • 6.9k+

17-nji noýabrda Malaýziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň ilçisi M.Maşalow bilen bu ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we sebitleýin ösüş ministri Dr. Ahmad Zahid bin Hamidiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşykda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara bähbitli gatnaşyklary geljekde has hem ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin dowam edip gelýän hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle-de malaý tarapy, iki ýurduň işewürleriniň arasynda halal önüm senagaty we halal önümi sertifikatlaşdyrmak ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......