Raşid Meredow Alžiriň daşary işler ministri bilen dekabrdaky çäreleri maslahatlaşdy

  • 18.11.2025 11:47
  • 2.1k+

17-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň daşary işler, daşary ýurtlardaky milli jemgyýetçilik we Afrika işleri boýunça ministri Ahmed Attaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem degip geçdiler.

Iki döwletiň halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......