Kataryň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 14.11.2025 18:50
  • 2.6k+

13-nji noýabrda Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al-Taher daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, R.Meredow iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işinde diplomata hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen–katar hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.
Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň we goldawyň ýokary derejesini bellediler.
Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini hem giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, toparyň nobatdaky mejlisiniň 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň soňky ongünlüginde Doha şäherinde geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Katar Döwletiniň wekiliýetiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerde gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Katar Döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


11.05.2026 22:55
871

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......