Niger Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

  • 13.11.2025 20:00
  • 2.2k+

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Seýdu Zatu Aly bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berildi.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ymtylmasyny tassykladylar.
Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....