Balkan welaýatynyň häkimi Eýranda Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy

  • 22.11.2025 14:11
  • 5.8k+

18-19-njy noýabrda türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy. Wekiliýete Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň agzalary, Hazarýaka döwletleriniň sebitleriniň häkimleri, hormatly myhmanlar, diplomatik korpusyň wekilleri hem-de resmi adamlar gatnaşdylar.
Maslahatda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi, medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk ministri Mohammadreza Salehi Amiri, daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi, Gilan welaýatynyň häkimi Hadi Haghşenas, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow we beýleki Hazarýaka döwletleriniň hem-de Pars aýlagynda ýerleşýän Eýranyň welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler.
Çykyşlarda söwda-ykdysady ugurda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, täze ugurlary işläp taýýarlamak we Pars aýlagy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly meseleler beýan edildi.
Saparyň çäklerinde Balkan welaýatynyň häkimi bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň häkimi I.Babuşkiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň häkimi H.Haghşenasyň arasynda duşuşyklar geçirildi.
Şeýle hem, Gilan welaýatynda ýerleşýän Anzali erkin söwda zolagynda ýerleşýän portuň mümkinçilikleri bilen tanşyldy hem-de ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezýän serginiň işine gatnaşyldy.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......