Türkmen senetçileri Er-Riýadda Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar

  • 24.11.2025 11:12
  • 1.3k+

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri 2025-nji ýylyň 13-26-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Saud Halkara senetçilik hepdeliginiň üçünji tapgyryna, ýagny «Banan» atly hepdelige gatnaşýarlar. Ol medeniýet ministri şazada Bader bin Abdullah bin Farhanyň howandarlygynda geçirilýär. 

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, oňa 40-dan gowrak ýurtdan, şeýle hem 400-den gowrak ýerli senetçi gatnaşýar.
2025-nji ýyl Senetçilik ýylynyň çäklerinde geçirilýän bu çäre ýerli işewürlere mükinçilekleri döretmek, olaryň bazardaky ornuny ýokarlandyrmak we başarnyklaryndan peýdalanmak maksady öz içine alýar.
Türkmenistanyň wekiliýeti elde dokalan haly önümlerini, kümüş şaý-seplerini we keramika önümlerini görkezýärler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam kafedrasynyň mugallymy Oguljennet Mollaýewa Saud Arabystany Patyşalygynyň hökümeti tarapyndan guralan çäräniň milli mirasy giňden wagyz etmek we myhmanlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawynda milli türkmen haly sungaty bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýändigini nygtady.
Myhmanlar Akademiýanyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýewden bolsa «gulýaka», «tumar», «bilezik» ýaly dürli milli şaý-sepler we olaryň medeni ähmiýeti barada öwrendiler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Hezretguly Annageldiýew myhmanlara öz täsin işleri barada gürrüň berdi. Olaryň arasynda ajaýyp güldanlar, küýzeler, heýkeljikler we beýleki keramika işleri bar. Mugallym her bir eseriň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp ýasalandygy barada belledi.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......