Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna saýlandy

  • 28.11.2025 12:21
  • 2k+

25-nji noýabrda Türkmenistanуň Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) ýanyndaky wekili, ilçi M.Çaryýew Pariž şäherinde BIE-niň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hususan-da: Administratiw–býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün–komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi.
Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna 2026–2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy.
Sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistany Administratiw–býujet komitetine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi.
Türkmenistan geljekde hem BIE bilen ykdysady, medeni, innowasion hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara sergi hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaga çalşar.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....