Türkmenistan häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmekde BMG bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

  • 10.11.2025 12:50
  • 3.3k+

7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar UNODC-nyň Merkezi Aziýa döwletleri üçin 2022-2027 ýyllar üçin Maksatnamasyny hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNODC-niň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmek bilen bagly bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berdiler. Mundan başga-da, täze ýol kartasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri serhetara howplara garşy milli derejede mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen Bilelikdäki maksatnamalary maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň ilerledilmegi boldy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....