«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

  • 08.11.2025 18:15
  • 1.7k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşykda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ÝB-niň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmäge ygrarlydygyny bellediler.
Diplomatlar hyzmatdaşlygy berkitmäge, hususan-da, bilim, ekologiýa we ulag ulgamlarynda geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.


şu gün 11:32
21

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

31.05.2026 13:30
6.4k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....