Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň ýolbaşçylygy bilen täze taslamalary okuw başlangyçlaryny maslahatlaşdy

  • 14.11.2025 19:00
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisiniň çäklerinde guraldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň çägindäki PS44 Ilkinji seýsmiki stansiýasynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň Halkara monitoring ulgamynyň çäklerinde netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.
Şeýle hem, 2026-njy ýylda Milli maglumat merkezleriniň (NDCs) hünärmenleri üçin Türkmenistanda sebitleýin okuw sapaklaryny gurnamak boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu okuw taslamasynyň maksady tehniki mümkinçilikleri güýçlendirmekden we CTBTO-nyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Mundan başga-da, duşuşykda CTBTO-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bu bolsa, dünýäde ýadro synaglaryny doly gadagan etmek boýunça ählumumy düzgüniň ilerledilmegine Türkmenistanyň ygrarlylygyny tassyklaýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara maglumat merkeziniň (IDC) Mümkinçilikleri artdyrmak we okatmak bölüminiň, şeýle hem Amallar bölüminiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....