Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Gwangju şäherinde serginiň açylyşyna gatnaşdy

  • 27.11.2025 15:51
  • 5.3k+

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli Gwangju şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Agzalan çärä Koreýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Gwangju şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, ilçi B.Durdyýew gatnaşyjylara Türkmenistanyň taryhy, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda goýan yzy we onuň ösüşine eden täsiri, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gaýdýan medeni gymmatlyklary barada gürrüň berdi.
Ilçi, hususan-da, ýurdumyzyň taryhda dünýä jemgyýetçiligi üçin galdyran miraslary we ösüşine goşan goşantlary barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýazan “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda giňden beýan edilendigi barada bellemek bilen, ol çärä gatnaşyjylary bu kitaplar bilen tanyş etdi.
Şeýle hem ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek wekilçilikli Halkara forumyna koreý tarapyny ýokary derejede işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......