R.Meredow Seýşellerden, Ganadan, Omandan, Türkiýeden we BAE-den kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdi

  • 14.11.2025 17:34
  • 5.5k+

13-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen şu ýylyň dekabrynda geçiriljek foruma taýýarlyk boýunça telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň tapgyryny dowam etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, R.Meredow Seýşel Adalary Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fore, Gananyň daşary işler we sebit integrasiýasy ministri Samuel Okudzeto Ablakwa, Omanyň daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidi, Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.
Söhbetdeşlerde bu döwletleriň Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....