Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Er-Riýadda UNIDO-nyň konferensiýasyna gatnaşdy

  • 29.11.2025 22:03
  • 3.3k+

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi Guramasynyň (ÝUNIDO) 21-nji Baş konferensiýasynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu sammit 23–27-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçdi.

Baş konferensiýada hökümet düzümlerinden, hususy pudakdan we raýat jemgyýetinden bolan wekiliýetler senagat ösüşiniň ählumumy kynçylyklary, şol sanda howanyň üýtgemegi, azyk ýetmezçiligi we dünýä ýurtlaryna we işgärlerine deň peýda getirýän üpjünçilik zynjyrlaryny döretmek ýaly meseleleri çözmäge nähili kömek edip biljekdigini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip BMG-niň resmi saýty habar berdi.
Konferensiýa gatnaşyjylar UNIDO-nyň indiki iki ýyldaky işini kesgitlejek kararlary kabul etdiler.
Çäräniň çäginde Toýguly Nurow Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministri Ýersaýyn Nagaspaýew bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde esasy üns senagatdaky, hususan-da, metallurgiýa, maşyn gurluşygy we gurluşyk materiallaryny öndürmekdäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetine çekildi. Söhbetdeşler iki ýurtda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň eksportyny we importyny artdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň ýolbaşçysy ýurduň sement zawodlarynda birnäçe görnüşli ýokary hilli sement önümleriniň öndürilýändigini belläp, olaryň görnüşlerini hödürledi we eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Nurow şeýle hem "Türkmen aýna önümleri" atly aýna önümçilik zawodynyň işi barada maglumat berdi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......