Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 22.11.2025 14:21
  • 1.8k+

18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Maslahata Türkmenistanyň we Fransiýanyň diplomatik, ylmy we medeni guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň, akademiki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gatnaşdylar.
Çärede Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Fransiýanyň Mýanmadaky ilçisi hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Kristian Leşerwi, IRIS-iň ylmy işgäri Sami Ramdani, IRIS-iň ylmy müdiri Emmanuel Linskot, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Şamuhammet Çaryýew çykyş etdiler.
Rektor Gülşat Ýusupowa öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigini, onuň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini öňe sürýändigini aýtdy. Ol Fransiýa bilen bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, türkmen ýaşlarynyň fransuz diline bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny, medeni merkezleriň işiniň netijelidigini belledi.
Şamuhammet Çaryýew Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen we fransuz medeni gatnaşyklarynda ruhy köpri bolup çykyş edýändigini, iki halkyň arasynda ynsanperwer gymmatlyklary berkidýändigini nygtady.
Ilçi Kristian Leşerwi çykyşynda Türkmenistanyň Fransiýanyň Merkezi Aziýa boýunça syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini, şeýle hem bilim we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini belledi.
Maslahatyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada kitaplar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna degişli neşirler görkezilen giňişleýin sergi gurnaldy. Myhmanlar görkezilen maglumatlaryň ýokary medeni we ylmy derejesini nygtadylar.
Çäre milli türkmen aşhanasynyň tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......