Türkmen diplomat-talyplarynyň Saud Arabystanynda okuw sapary tamamlandy

  • 22.11.2025 10:52
  • 3.6k+

16-20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, okuw sapary iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Okuw saparyň ilkinji gününde talyplar Diplomatik barlaglar institutynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Institutyň mugallymy Ahmed Al-Fayez Saud Arabystany Patyşalygynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin maglumat berdi.
Şeýle-de okuw saparynyň ikinji gününde doktor Khaled Ibrahim Al-Ali Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary syýasaty barada talyplar bilen öz tejribesini paýlaşdy. Bu bolsa talyplara Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet maksatnamalary, ykdysady we medeni syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Üçünji günde doktor Raja Al-Mazrouqi Saud Arabystany Patyşalygynyň “Vision 2030” atly maksatnamasy barada özüniň statistiki hem-de seljeriji maglumatlaryny paýlaşdy. Şeýle-de talyplara Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ykdysadyýetinde, bilimde, tehnologiýada we jemgyýetde alyp barýan düýpli özgertmeleri barada giňişleýin maglumat berildi.
19-njy noýabrda institutyň mugallymy Leyla Al-Zahrani talyplara Saud Arabystany Patyşalygynyň syýahatçylygy we medeniýeti barada okuw sapagyny geçdi. Okuw sapagy ýurtda medeni mirasyny dünýa tanatmak boýunça geçirilýän işleri hem-de halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde alnyp barylýan tagallalary giňden açyp görkezdi.
Täsirli geçen okuw saparynyň çäginde "Al-Masmak" muzeýine, "Boulevard Riyadh" dynç-alyş seýilgähine, "Imam Turki bin Abdullah" gadymy metjidine gezelenç gurnaldy.
Okuw sapaklary tamamlanandan soňra, oňa gatnaşan talyplara degişli şahadatnamalar  gowşuryldy.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......