Türkmenistan Saud Arabystany bilen atçylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşýar

  • 26.11.2025 11:06
  • 2.1k+

23-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdulaziz adyndaky Arap atlary Merkeziniň Baş direktory Abdulaziz Almukbil bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda A.Almukbil Merkeziniň alyp barýan işi we bu Merkez tarapyndan geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berildi.
Ilçi M.Aýazow duşuşygyň barşynda ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek boýunça öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky meselelere uly üns berilýändigi barada mälim etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomaty bu merkez bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky meseleleriň ýollary barada pikir alyşdy.
Ilçi M.Aýazow Merkeziň muzeýi, arap atlaryny hasaba alyş bölüminiň işi, şeýle-de bejeriş-anyklaýyş bölüminiň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......