Aşgabatda «Türkmenistan - ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi

  • 10.11.2025 12:27
  • 1.4k+

7-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şeýle hem söwda, ulag, energetika, «ýaşyl» ykdysadyýet, bilim we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlaryny alyp barýan Ýewropa Bileleşiginiň pudak işgärleri gatnaşdy.
Mejlisiň gün tertibi Türkmenistandaky we Ýewropa Bileleşigindäki makroykdysady ýagdaý, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermek, ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sanlylaşdyrma, energetika we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlyk, şeýle-de ynsanperwer we bilim taslamalary ýaly meseleleri öz içine aldy. Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa – ÝB» formatynda sebit hyzmatdaşlygynyň meselelrine aýratyn orun berildi.
Taraplar söwda-ykdysady ugurdaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de özara haryt dolanyşygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ulag baglanyşygyna aýratyn üns berildi. Ulag ulgamyndaky bilelikdäki taslamalar we ÝB-niň Global Gateway başlangyjynyň çäginde e-CMR elektron ulag ýük daşama resminamalar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly çözgütleri we logistika geçegeleri ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Energetika ulgamynda energiýa serişdeleriniň daşama ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça pikir alşyldy. Ekologiýa taslamalaryň we zyňyndylary azaltmgyň ähmiýeti nygtaldy.
Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim pudagy, akademiki maksatnamalar we talyplaryň hem-de hünärmenleriň alşygy, şeýle hem jemgyýetçilik inkýuziýany güýçlendirmäge gönükdirilen her ýylky Adam hukuklary boýunça dialog ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar bilelikdäki taslamalary we teklipleri ilerletmäge taýýardyklaryny aýtdylar, geljek ýyllar üçin «Türkmenistan – ÝB» ikitaraplaýyn Ýol Kartasyny işläp taýýarlamak we Türkmenistanda pudaklaýyn forumlary geçirmegi meýilleşdirýändiklerini bellediler.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....