Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 28.11.2025 10:04
  • 2.8k+

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Eri Arfiýa bilen duşuşdy. Bu barada Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň web sahypasynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýapon tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi. Ministrlik şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparyny hem ýatlady we Osakada geçirilen EKSPO-2025-däki türkmen pawiliýonynyň işine ýokary baha berdi.
Ilçi A.Baýramow Eri Arfiýany daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Dialogyň dowamynda taraplar halkara gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar we «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» görnüşindäki sammite taýýarlyk görmek boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemekde özara gyzyklanma bildirdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......