Bişkekde CAREC-iň sanly geçelgesini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi

  • 22.11.2025 11:00
  • 1.6k+

18–20-nji noýabrda maliýe ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň we Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Maslahatlaryň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge, durnukly ösüşi ilerletmäge we sanly ulgamy döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Forumyň mowzugynyň möhüm ähmiýeti bellenilip, onuň ekologiýa durnuklylygyna we döwrebap tehnologik çözgütleri durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekýändigi bellenildi.
Türkmen wekiliýeti ulag, söwda, sanly we durmuş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan CAREC-iň täzelenen strategik resminamalaryny goldap çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda milli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, sanly hyzmatlary ösdürmek, gümrük dolandyryşyny kämilleşdirmek we saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmek, şol sanda howanyň üýtgemegine çydamly we sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Maslahatyň jemleri boýunça CAREC-iň sanly geçelgesini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama we CAREC-iň Söwdany ýeňilleşdirmek we maýa goýumlary üçin şertleri döretmek (CARTIF) ugrunda hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça gepleşikleriň başlanandygy baradaky Bişkek ministrler jarnamasyna gol çekildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......