Hazarda 2026-njy ýylda bekre balyklaryň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezlik boýunça çözgüt kabul edildi

  • 28.11.2025 12:26
  • 8.2k+

24–26-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

2010-njy ýylyň noýabrynda, Bakuda geçirilen Üçünji Hazar sammitinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasynda biologik serişdeleri dolandyrmak ulgamyny kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygy işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyjy ýerine ýetirmek maksady bilen, türkmen tarapy degişli taslamany taýýarlady, 2012–2014-nji ýyllar aralygynda bäştaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça bilermenler ylalaşygyň ähli taraplar arkaly makullanan tekstini taýýarladylar. Oňa Astrahanda geçirilen Dördünji Hazar sammitinde gol çekildi we 2016-njy ýylda ol güýje girdi.
Ýokarda agzalan Topar «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda» hökümetara ylalaşygyň 10-njy maddasyna laýyklykda döredildi.
Türkmenistan Toparda 2025–2026-njy ýyllarda başlyklyk edýär.
Mejlisiň barşynda taraplar bilelikdäki gorlaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, suw biologik serişdeleri baradaky ylmy barlaglaryň netijeleri, şeýle hem suw biologik serişdelerini goramak we dikeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
2026-njy ýylda bekre balyklaryň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezligi, balyk tutmagyň diňe ylmy we dikeldiş maksatlary üçin, ylalaşylan sanyň çäginde amala aşyrylmalydygy baradaky çözgüt kabul edildi. Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......