Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda geçirilen 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy

  • 18.11.2025 11:41
  • 3.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji noýabrda Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde geçirilеn Söwda, maýa goýum, senagat, tehnologiýa we geoykdysadyýet ugurlar boýunça 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wekiliýete söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Sammitde innowasiýa, maglumat tehnologiýalary we arassa energetika ugurlary boýunça söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de bu ugurlarda maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanyň Söwda we senagat ministri Piýuş Goýal, Andhra-Pradeş ştatynyň baş ministri Nara Çandrababu Naidu we ýerli işewürler bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.


11.05.2026 22:55
871

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......