Türkmenistanyň DIM-nde HGHK-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 14.11.2025 06:51
  • 1.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Jamilýa Hammami bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nd habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärçilikli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar. Agzalan resminama boýunça göz öňünde tutulan çäreler, şol sanda halkara ynsanperwerlik hukugyny ilerletmäge, ilatyň aýratyn kömege mätäç toparlaryna goldaw bermäge hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işini berkitmäge gönükdirilen maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik hukugyna syýasy ygrarlylygyny güýçlendirmäge gönükdirilen Bütindünýä başlangyjyna goşulmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meselä hem aýratyn üns berildi.
Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerinden zyýan çeken döwletlere yzygiderli ynsanperwer kömeginiň berilýändigi hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen şeýle ýurtlaryň ilatyna, şol sanda goňşy Owganystana yzygider berilýän ynsanperwer kömegi aýratyn bellenildi.
Taraplar Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekiliýetiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....