Türkmenistanyň we Gruziýanyň DIM-leri konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi

  • 22.11.2025 13:56
  • 1.1k+

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleriniň ikinji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy D.Muratow, gruzin wekiliýetine bolsa, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça halkara hukugy müdirliginiň direktory G.Tabatadze ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda konsullyk-hukuk we migrasiýa ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
Taraplar raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, ygtyýarlykly döwlet edaralaryň arasynda maglumatlary alyşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem konsullyk işine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Konsullyk gulluklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidilmegine we ösdürilmegine bolan özara gyzyklanma beýan edildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekilip, nobatdaky geňeşmeleri Gruziýada geçirmek barada ylalaşyldy.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......