Bakuwda Türkmenistanyň ilçisiniň Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşygy boldy

  • 18.11.2025 11:37
  • 6.2k+

14-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi G.Elýasow Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezidentiň Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, umumy ruhy-medeni gymmatlyklara hem-de parahatçylyk, özara hormat goýmak we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, syýasy, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde sazlaşykly we özara goldawly gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň iki ýurduň umumy bähbitlerine doly laýyk gelýändigini bellenildi. Şol bir wagtda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......