Türkmenistanyň ilçisi Indoneziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 10.11.2025 12:57
  • 7.9k+

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi M.Maşalow ýurduň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Jakarta şäherinde Prezident köşgünde (Merdeka Palace) geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.
Ilçi diplomatik işini Kuala-Lumpur şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.

Dabaranyň barşynda ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Indoneziýanyň Prezidentine mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Prezident ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Pursatdan peýdalanyp, ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Indoneziýanyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrýandygy baradaky maglumaty ýetirdi.
Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra Indoneziýanyň daşary işler ministri Sugiononyň bu ýurda täze bellenen ilçileri bilen çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Indoneziýanyň ministri ilçiniň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......