7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...

4.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady...

4.4k+

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy dörediler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere baryp gördi...

7.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi...

11k+

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna başlady

7-nji oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitiniň yzysüre wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar...

5.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Gabala sammitinde çykyş etdi

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçýän ýeri bolan Geýdar Aliýew kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady...

7.1k+

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna girişýär

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn şertnama gol çekildi...

7.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi...