Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy

  • 11.01.2026 14:11
  • 9k+

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işlere Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries LTD», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co. LTD», «Korea Meditech Co.LTD» we dünýä belli beýleki kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna we önümçilik kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan “Garagum” hojalyk jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň hiline we ekologiýa derejesine alnan laýyklyk Güwänamalaryň görnüşleri hem-de himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna degişli Güwänamalar görkezildi.
Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň ISO standartlaryna alan laýyklyk Güwänamalaryna möhüm orun berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde lukmançylykda ulanyljak serişdeleri öndürmekden başlap, sarp edijilige çenli alnyp baryljak işlerde esasy tebigy taýdan arassa, ekologik talaplaryna laýyk gelýän öz çig malymyzyň ulanylmalydygyna, ikinjiden, ondan alynjak önümiň ýokary hilli bolmalydygyna, üçünjiden,  içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmelidigine we artanyny eksporta gönükdirmelidigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......