Aşgabatda daşary ýurt raýatlaryny we ýurdumyzyň ýaşululary sylaglamak dabarasy geçirildi

  • 14.12.2025 10:19
  • 5.3k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.
Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo sylaglanyldy. Ol ýokary sylag üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze ýubileý medalyny we degişli nyşany hormat bilen kabul edip, bu baýramçylygyň öz durmuşynda ýatda galyjy waka öwrülendigini nygtady. Türkiýäniň ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýän “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň we degişli nyşanyň gowşurylmagynyň özi üçin aýratyn hormatdygyny belledi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy we wisseral hirurgiýa klinikasynyň baş lukmany Şpelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang sylaglary özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdi.
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna we degişli nyşana mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary taryhy ähmiýetli halkara çärelere gatnaşmaga iberilen çakylyk we özlerine bildirilen ýokary hormat üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize sagbolsun aýtdylar.
Soňra çäre ýurdumyzyň hormatly ýaşulularyna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy bilen dowam etdi.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......