Гурбангулы Бердымухамедов ознакомился с модернизацией Ахалтекинского конного комплекса

  • 18.01.2026 10:00
  • 5.7k+

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde gurluşyk, senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti A.Rejebow, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew we bu toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini geçirýän Türkiýäniň «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň wekili ynanylan wezipeleriň berjaý edilişi barada giňişleýin maglumatlary berdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda batly depginler bilen dowam edýär. Şunda hususan-da, topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman ugurlary barada maglumatlar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bu ugurda degişli ýolbaşçylara öz  maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem Milli Liderimiz öňde boljak Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlygyň çäklerinde şanly toýuň meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürläp, döwlet Baştutanynyň meýilnamany tassyklan halatynda toý dabaralaryny şu ýylyň şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. 


08.06.2026 17:39
1.9k+

Сумма экспортных сделок на бирже Туркменистана превысила $78,6 млн

За минувшую неделю на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана было зарегистрировано 49 сделок. Общая стоимость экспортных контрактов превысила 78,656 млн долларов США....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......

05.06.2026 15:39
2.6k+

В Ашхабаде обсудили новые направления туркмено-американского делового партнёрства

В Торгово-промышленной палате Туркменистана в формате круглого стола состоялся туркмено-американский бизнес-форум. Представители двух стран обсудили перспективы расширения экономического сотрудничества и......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......