Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi

  • 16.01.2026 12:19
  • 6.3k+

14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlise merkezi toparyň agzalary, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaş-syzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi. Şoňa görä, saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Pikir alyşmalaryň netijesinde saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi, şeýle hem okruglaryň we uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garalyp, hereket edýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi. Şunuň bilen bir hatarda, saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar tassyklanyldy. Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi.
Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi. 


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.6k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......