Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we beýleki desgalaryň gurluşygyna baryp gördi

  • 01.12.2025 12:31
  • 11k+

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

“Polatly” binasy we “Ahalteke atlary” şaýoly
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň reňk sazlaşygyna ösen tejribeler esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz “Ahalteke atlary” şaýolunyň, “Polatly” we “Akhan” monumentleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu künjegiň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi barada maslahatlaryny berdi.

Metjidiň gurluşygy
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde metjidiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine gelip, alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz bu ýeriň bezeg serişdeleriniň onuň çägindäki bar bolan desgalar bilen sazlaşmalydygyny, şunda awtoduralganyň gurluşygyna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bu ýere geljek adamlaryň degişli dessurlary doly derejede berjaý edip bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.

Medeni-durmuş maksatly desgalaryň taslamalary
Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. D.Orazow Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň görnüşleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we beýleki durmuş maksatly desgalaryň görnüşleri barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Medeni-dynç alyş seýilgähi
Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan medeni-dynç alyş seýilgähiniň çägine gelip, teklip edilýän desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna hem üns bermelidigini aýtdy. Aýratyn-da, onuň medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. 

Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe möhüm ornuň degişli boljakdygyny belläp, durmuş maksatly desgalaryň Arkadag şäheriniň gözelligi bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......