Gurbanguly Berdimuhamedow dekabrda boljak çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

  • 07.11.2025 10:42
  • 13k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bitaraplyk baýramynyň şanyna geçiriljek çärelere taýýarlygyň çäklerinde guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde halkara çäreleri giňden wagyz etmek möhümdir. Baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara çärelere gatnaşjak myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Söwda we durmuş hyzmatlarynyň medeniýeti ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik däplerine laýyk gelmelidir.

“Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň rowaç gadamlary öz beýanyny tapmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçişi metbugat giňişliginde yzygiderli wagyz edilmelidir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisiniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň dowamynda dürli görnüşli harytlar, milli tagamlar bilen üpjünçilik meselelerine hem aýratyn üns berilmelidigini belläp, Aşgabat şäherinde, welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasyny guramak babatda maslahatlaryny beýan etdi. Şanly sene bilen bagly medeni-köpçülik çärelerini, teatr çykyşlaryny ýokary derejede guramagyň, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hemmetaraplaýyn şöhlelendirmegiň, degişli neşir önümlerini taýýarlamak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyna hem üns çekildi.
Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady. Şunda myhmanlary garşy almak we ugratmak meselesi berk gözegçilikde saklanmalydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleri we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin Aşgabat şäherinde bezeg hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň Halkara maslahat merkezinde, Halkara kabul edişlik merkezinde hem-de “Arkadag” myhmanhanasynda çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......