Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýäniň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi

  • 07.11.2025 10:22
  • 6k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezidentiň Milli kitaphanasyna sowgat berildi. Dabaraly çäre 5-nji noýabrda Ankarada geçirildi.

Çäräni Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilelikde gurnady.
Dabara Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal alymlar we edebiýatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sowgat berlen Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy işlerinde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, Türkmenistanyň medeni mirasynyň esasyny düzýän çuňňur pelsepewi we ynsanperwerlik pikirler beýan edilýär. Bu kitaplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm goşant bolup hyzmat edýär.
Dabarada çykyş edenler bu çäräniň iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny hem-de halklaryň umumy taryhy we medeni köklerini birleşdirýändigini aýratyn nygtadylar.
Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny, taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, däplerini hem-de häzirki döwürde gazanan üstünliklerini giňden şöhlelendirilýän dürli kitaplar we ylmy neşirler sowgat berildi.


şu gün 12:31
250

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
291

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
650

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......