Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy dörediler

  • 25.11.2025 13:13
  • 4.5k+

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere baryp gördi.

Gaznanyň şahamçasynyň ýerleşmegi teklip edilýän binany oňlap, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde döredilen şertler we şahamçanyň netijeli işini ýola goýmakda möhüm ähmiýeti bolan mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. Bu ýerde öňde durýan wezipeleri kesgitlemek, täze başlangyçlary öňe sürmek boýunça iş alyp barjak hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda maslahatlaryny berdi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow gaznanyň şahamçasynyň ýerleşjek binasynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde gök zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmegine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň Awazanyň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......