Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

  • 30.12.2025 16:22
  • 6.9k+

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, geljek ýylda garaşylýan 6,6 göterim möçberindäki ykdysady ösüş depgini ýurduň döwlet Baştutanynyň Özbegistany ýakyn ýyllarda girdejisi ortadan ýokary bolan döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýan maksadyna ýetmekde ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şeýle-de Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň hem okgunly ösýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gündogar müçenamasy boýunça geljek ýylyň ýylky ýylydygy bilen baglylykda, Türkmenistanda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Geljek ýylyň şygarynda ýurdumyzyň bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan ösüşleri öz beýanyny tapýar.
Özbegistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has işjeň häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, geljek ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýurtlarymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilelikdäki işlere girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada durup geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde, Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öňde boljak sammitleriň guramaçylyk, mazmun, hukuk we beýleki meseleleri boýunça bilelikdäki teklipleri işläp taýýarlamaga goldaw berjekdigine ynam bildirdi.


düýn 22:17
912

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......