Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

  • 24.11.2025 09:28
  • 8.1k+

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bitaraplyk binasynyň ýanyna baryp, bu ýerleriň bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň medeni maksatnamasynyň talabalaýyk derejede taýýarlanylmalydygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlara milli myhmansöýerlik däpleri esasyndaky hyzmatlary hödürlemek babatda hemme zerur şertleriň döredilmelidigi babatda aýdyp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ugrunda dag çeşmeleriniň suwundan emele gelen “Bitaraplyk" suw howdanynyň deňinde saklanyp, howdanyň arassaçylyk derejesine we suwuň rejeli ulanylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Şoňa görä, degişli ýolbaşçylara suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, sil suw akabalaryny kadaly ulanmak babatda maslahatlar berildi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, wise-premýerleriň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesine degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisde garaljak meseleler barada aýdyp, forumyň we onuň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda çäreleriň medeni maksatnamasynyň baý many-mazmuna eýe bolmagyna zerur üns berilmelidir. Baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň söwda merkezlerinde dürli görnüşli önümleriň, baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk harytlaryň söwdasynyň guralmagynyň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri çärelere bagyşlanan giň möçberli sergä we halkara foruma gatnaşyjylara myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän hyzmatlaryň hödürlenilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz halkara çäräni we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işlere mynasyp goşant goşulmalydygyny aýdyp, olara meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlyk derejesine hemmetaraplaýyn üns berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde forumyň geçirilýän wagtynda myhmanhanalarda, çäräniň geçiriljek ýerlerinde ýokary derejeli aragatnaşyk we internet ulgamynyň mümkinçilikleri elýeterli bolmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Şunda ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......